Täze ýyl – sowgatlar baýramy!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlere beslenen ilkinji ýyly tamamlanyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Täze ýyl baýramyny naz-nygmatlardan doly saçaklarymyzyň başynda gowy garşylamak üçin ýurdumyzda ähli tagallalar edilýär. Bol harytly, elýeter bahaly bazarlar ýurdumyzyň abadançylygynyň, raýatlarymyzyň bagtyýarlygynyň alamatydyr.

Täze ýyl baýramynyň barha ýakynlaýan günlerinde paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlarymyzdaky söwda merkezlerinde we bazarlarda ilat üçin guralýan dürli önümleriň söwdalary, medeni çäreler halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda haryt köpdürlüligini, bahalaryň elýeterliligini gazanmak babatda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň ajaýyp beýanydyr.

Häzirki wagtda, dürli azyk önümleridir Täze ýylyň sowgatlyk harytlaryndan pürepür söwda merkezlerine gelip-gidýänleriň sany gün-günden artýar. Söwda nokatlarynda ýurdumyzda öndürilen ter gök-bakja önümleri, miwelerdir süýji-kökeler, şerbetler, dürli ölçegdäki arçalardyr oýnawaçlar, Aýazbabadyr Garpamygyň, müçe senenamasyna girýän haýwanjyklaryň şekilindäki sowgatlyklar näçe diýseň bar. Olar elýeter bahada bolup, alyjylaryň isleglerini doly derejede kanagatlandyrýar. Bu zatlaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň halk hakynda irginsiz aladalarynyň durmuşa geçmesiniň mynasyp görkezijisidir.

Goý, täze — 2023-nji ýyl hem nurana umyt-arzuwlaryň amala aşýan, täze üstünlikleriň, beýik işleriň amala aşyrylýan ýylyna öwrülsin! Goý, täze ýylda Watanymyzyň şöhraty has-da belende galsyn! Täze ýyl baýramyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler!

Baýramguly MÄMMÄÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok