Hususyýetçiler 2023-nji ýyly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususyýetçileriň tutanýerli zähmetiniň netijesinde ýurdumyzyň bazarlarynda özümizde öndürilýän azyklyk önümleriniň möçberi barha artýar. Sanly görkezijiler bilen aýdanymyzda şu ýylyň başyndan bäri 152 tonna ýakyn et (diri agramda) öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyny aňladýar. Şeýle hem üstümizdäki ýylyň geçen döwründe olar sagymlyk sygyrlardan 1491 tonna ýakyn süýt aldylar.

Ýylyň başyndan bäri ýyladyşhanalarda ýetişdirilen azyk önümleriniň möçberi 5133 tonnadan geçdi we geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, ösüş depgini 101 göterime barabar boldy. Gök we bakja önümlerini öndürmekde bolsa bu görkezijiniň 173 göterime barabar bolandygy hem bellärliklidir. Başgaça aýdanymyzda, hususy kärhanalara, hojalyk jemgyýetlerine we daýhan hojalyklaryna degişli meýdanlarda gök-bakja önümleriniň 4423 tonnasy ýetişdirildi we ýygnaldy.

Mundan başga-da, üstümizdäki ýylyň geçen döwründe saçaklarymyzyň bezegi bolan ýokumlara baý ir-iýmişleriň öndürilişi 13 esseden hem artdy. Ýagny, 2021-nji ýylyň ýanwar—noýabr aýlarynda bary-ýogy 5 tonna miwe ýyglan bolsa, şu ýylyň geçen döwründe onuň mukdary 66 tonnadan geçdi. Netijede ösüş depgini 1320 göterime barabar boldy. Şu ýerde guş etiniň 73 tonna ýakynynyň, ýumurtganyň 4648 müňden gowragynyň, ýeralmanyň 2142 tonnasynyň öndürilendigini hem bellemek gerek.

Geçen döwürde ilatyň uly isleg bildirýän azyk harytlarynyň ýagny süýt önümleriniň 133 tonna ýakyny, şöhlat önümleriniň 179,5 tonnadan gowragy, gaplanan gök, miwe we balyk önümleriniň 753,5 müňden gowrak şertli bankasy söwda nokatlaryna ugradyldy. Konditer önümlerini öndürmekde bolsa 134 göterim ösüş gazanyldy. Ýagny, esasy düzümini bugdaý uny we süýt düzýän süýjüleriň 397 tonnasy ilata hödürlenildi.

Ýylyň başyndan bäri telekeçiler oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmek boýunça 138 million 980 müň 34 manatlyk işi ýerine ýetirdiler. Bu bolsa hususyýetçileriň ýetip gelýän 2023-nji ýyly uly zähmet üstünligi şeýle hem ruhubelentlik bilen garşylaýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Aýnur AKMYRADOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok