Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Ýaponiýanyň «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalarynyň nobatdaky tapgyrynyň ýurdumyza getirilip başlanmagy-da munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň suw hojalygy pudagy üçin «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalaryň 200-siniň, şol sanda 167 ekskawatoryň, 33 buldozeriň hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň satyn alynmagy bellenildi. Şanly wakalara beslenip, taryhy üstünlikler bilen jemlenilýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şu ajaýyp günlerinde ýurdumyza gelip gowşan ekskawatorlar ýokary amatlyklara eýedir. Döwrebap enjamlar oturdylan täze ekskawatorlar sowadyş we ýyladyş ulgamlary, şeýle-de ýörite monitor arkaly dolandyrylýandygy bilen tapawutlanýar. Ekskawatoryň kuwwatlylygy 168 at güýjüne deň bolup, iş öndürijiligi sagatda, ortaça, 109 kub metre barabardyr.
Türkmenistan Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasy bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edip gelýär. Şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde, häzirki döwre çenli «Komatsu» kysymly tehnikalaryň ýüzlerçesi satyn alyndy. Bu tehnikalar ýurdumyzyň suw hojalyk desgalarynda netijeli we ýokary öndürijilikli peýdalanylýar.
Täze tehnikalar Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda suw hojalygy pudagynyň agzybir işgärlerine hem-de ähli oba zähmetkeşlerine ajaýyp sowgat boldy. Munuň üçin suw hojalygy pudagynyň ähli işgärleri hem-de zähmetkeş halkymyz Watanymyzyň kuwwatyny has-da artdyrmak ugrunda beýik işleri, döwletli tutumlary durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarlar.
Ýakup SUWHANOW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.
Teswirler