Ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň Döwlet ders bäsleşigi gyzgalaňly dowam edýär

Ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplaryň arasynda geçirilýän Döwlet ders bäsleşigi häzirki wagtda gyzgalaňly dowam edýär. Döwlet ders bäsleşigi 3 tapgyrdan ybarat bolup:

I tapgyr-22.12.2022ý.

II tapgyr-23.12.2022ý.

III tapgyr-24.12.2022ý.

günleri dowam eder. Bu bäsleşige Ýurdumyzda hereket edýän 25 sany ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplary 14 sany dersden bäsleşerler. Bu dersler:

  1. Türkmenistanyň taryhy
  2. Türkmen dili
  3. Rus dili
  4. Iňlis dili
  5. Matematika
  6. Fizika
  7. Himiýa
  8. Biologiýa
  9. Ykdysadyýet
  10.  HZKT
  11.  Inžener grafikasy
  12.  Nazary mehanika
  13.  Materiallaryň garşylygy
  14. Ekologiýa

Döwlet ders bäsleşigi online görnüşde geçirilip, ol Aşgabat şäherinde 2 sany ýokary okuw jaýlary Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilýär we Lebap welaýatynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Daşoguz welaýatynda Türkmen oba hojalyk institutynda,  Mary welaýatynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda, Balkan welaýatynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda geçirilýar.

Döwlet ders bäsleşigine ýurdumyzda ýerleşýän ýokary okuw jaýlaryndan jemi 960 (dokuz ýüz altmyş) sany talyp gatnaşýar.

Bu bäsleşige welaýatymyzda ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutyndan jemi 52 (elli iki) sany talyp gatnaşyp, olar her ders boýunça 4 talyp gatnaşýar.

Elbet-de Döwlet ders bäsleşigine gatnaşýan talyplaryň taýýarlyk derejesini göz öňünde tutup, olardan ýokary netijelere garaşylýar. 

Dünýägözel ARAŞOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok