Ýerli pagta ýagyndan maýonez we margarin öndürilip başlandy

«Owadan ülke» zawody Türkmenistanda ilkinji bolup ýerli pagta ýagyndan maýonez we margarin öndürip başlady. Bu möhüm maddany kärhananyň zerurlygy üçin öz içinde taýýarlamak zawodyň işiniň esasy ugurlaryndan biridir. Alnan önüm ondan soň margarin, şokolad we tagamy boýunça adaty ýagdan – günebakar ýagyndan alynýandan kem durmaýan maýonez öndürmek üçin ulanylýar.

«Owadan ülke» zawody beýleki kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda önümleriniň görnüşini yzygiderli artdyrýar. Zawot – «ESMO» belgili 25% we 40% ýagly maýonez önümçiligini özleşdirdi. Şu ýylyň fewral aýynda çigit ýagyny gaýtadan işleýän we «Hazyna» ady bilen maýonez öndürýän bölümde dürli tärde bişirilýän iýmit taýýarlamak üçin ösümlik-mal ýagy garyndysynyň dört görnüşi öndürilip başlandy. Bu önüm süýt ýagyna we ösümlik (günebakar, zeýtun, mekgejöwen, palma we ş.m.) ýaglaryna, dürli maddalar, meselem, gaýmak, süýt we aýran goşulmagy bilen öndürilýär.

Ýerli çig malyň – arassalanan pagta ýagynyň esasynda zawodyň işgärleri soýa we daşary ýurt goşundylaryny goşmazdan, «Nur» we «Mylaýym» söwda ýarlyklary astynda kakaoly we hozly ajaýyp tagam berýän tebigy mäjumyny we «Nur» hem «Hazyna» ýarlykly saryýag öndürmäge başladylar.

Önümleriň görnüşleriniň artmagy zawodyň hünärmenleriniň köpüsiniň diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem eksport üçin niýetlenen azyk önümleriniň-de hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen üstünlikli işiniň netijesidir.

Jahan GARRYGULOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok