Türkmenistanyň Serhet instituty okuwa çagyrýar!

Türkmenistanyň Serhet institutyna 2023/2024-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň tertibi

1. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlandygyny habar berýäris.

Okuwa öwrenilýän dalaşgärleriň ýaş derejeleri şu aşakda görkezilen tertibe laýyklykda kesgitlenilýär:

— orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin ýagdaýda girmäge isleg bildirip arza ýazan raýatlaryň 24 ýaşy dolýança;

— Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan raýatlar, çagyryş boýunça harby gullugy geçmezden 25 ýaşy dolýança;

— harby gulluk ýa-da harby ýygnanyşyklar döwründe harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary), çagyryş boýunça harby gullukdan boşadylyp, ätiýaçlykda bolýan raýatlaryň 24 ýaşy dolýança;

— harby gullugy ýa-da harby ýygnanyşyklary geçen döwründe özleriniň harby gullugy geçmekleri bilen baglanyşykly maýyp bolanyň ýa-da ýaralanyp, synasyna şikes ýetip, seňse bolup kesele ýolukmagy netijesinde harby gullukdan boşan (harby ýygnanyşyklar tamamlanan) gününden soň bir ýylyň dowamynda aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary), çagyryş boýunça harby gullukdan boşadylyp, ätiýaçlykda bolýan raýatlaryň 24 ýaşy dolýança;

— borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň 25 ýaşy dolýança;

— orta bilimli, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 21-den geçmedik zenan raýatlar.

2. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.

3. Dalaşgärler Serhet institutyna okuwa «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda görkezilen talaplara laýyk gelýän, beden we ruhy taýdan sagdyn, okamaga isleg bildiren, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, ýörite barlagdan geçen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran raýatlar, bäsleşik esasynda, Seçip alyş iş toparynyň geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, okuwa kabul edilýär.

4. Serhet institutyna dalaşgärleri seçip almak we resminamalaryny kabul etmek işleri 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli geçirilýär.

5. Serhet institutynda okuwyň möhleti 5 okuw ýyly. Okuw döwründe institutyň harby talyplary doly döwlet üpjünçiliginde bolup, olar iýmit, harby eginbaş, talyp haklary we umumyýaşaýyş jaýy (ýatakhana) bilen üpjün edilýär.

6. Instituta dalaşgärler şu aşakda görkezilen resminamalary doly we anyk taýýarlamaly:

— dalaşgäriň Serhet institutynyň rektorynyň adyna ýazan arzasy (habarnamasy). Arzada (habarnamada) dalaşgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi we ýeri, bilimi, okan (okaýan) ýeri, gulluk edýän, işleýän ýeri we wezipesi, harby ady, hemişelik ýaşaýan ýeriniň salgysy, okuwa kabul edilmegi barada haýyşy, ýurduň islendik künjeginde janyny aýaman gulluk etjekdigi barada görkezilmeli;

— şahsy maglumaty we terjimehaly;

— ýaşaýan ýeri we maşgala agzalary barada güwänama;

— ata-enesiniň işleýän ýerinden berlen güwänama (eger işlemeýän bolsalar, işlemeýändigi barada güwänama);

— eger dalaşgäriň ejesi ýa-da kakasy aradan çykan bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da aýrylyşan bolsalar RÝNÝ bölümi tarapyndan berlen resminamanyň nusgasy;

— dalaşgäriň soňky okan, işlän ýa-da gulluk eden ýerinden berlen häsiýetnamanyň asyl nusgasy;

— Serhet institutynda okamaga ýaramlydygy barada saglyk güwänamasy;

— pasportynyň göçürmesi (eger-de dalaşgär raýatlyk pasportyny almadyk bolsa, Içeri işler bölüminden pasportyň resmileşdirilmändigi barada güwänama);

— harby şahadatnamasynyň göçürmesi;

— eger işleýän bolsa edaranyň işgärler bölümi tarapyndan gol we möhür bilen tassyklanan zähmet depderçesiniň göçürmesi;

— orta bilim barada resminamanyň (attestatyň, başlangyç hünär ýa-da orta hünär diplomynyň) asyl nusgasy;

— 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini we orta mekdebi tamamlaýan raýatlar mekdepde okaýandygy barada güwänama;

— 2023-nji ýylda orta mekdebi tamamlaýan raýatlar synaglaryny tabşyrmaga gelenlerinde öz ýanlary bilen orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasyny getirmeli;

— ata-enesiniň gyzynyň harby gullukçy bolmagyna we Türkmenistanyň islendik çäginde gulluk etmegine razylygy baradaky Serhet institutynyň rektorynyň adyna ýazan dil haty;

— 18 ýaşyny dolduran zenan dalaşgäriň nikada durmaýandygy barada Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (RÝNÝ) bölümi tarapyndan berlen kepilnama;

— 1 sany 9×12 ölçegde, 9 sany 3×4 ölçegde başgapsyz düşülen fotosuratlary. Çagyryş ýa-da borçnama boýunça harby gullugy geçýän dalaşgärler fotosurata harby lybasda düşmeli.

Dalaşgärler nädogry beren maglumatlary we resmi iş kagyzlary üçin şahsy jogapkärçilik çekýärler.

Raýat dalaşgärler giriş synaglaryny tabşyrmaga gelenlerinde öz ýanlary bilen pasportyny, çagyryş boýunça harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, çagyryş we borçnama boýunça harby gullukçylar harby şahadatnamasyny getirmeli.

7. Serhet institutyna okamaga isleg bildiren dalaşgärler bilen Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda türkmen dili, Türkmenistanyň taryhy, matematika boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça synaglar kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.

8. Ýöriteleşdirilen harby mekdepleri tamamlan raýatlar, ýetim çagalar we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygynda galan çagalar, gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň çagalary, şeýle hem borçnama boýunça harby gullukçylar giriş synaglarynda gazanan umumy bahalary (ballary) beýleki raýatlaryň umumy bahalary (ballary) bilen deň gelen ýagdaýynda, olar bir baha (bal) ýeňillikden peýdalanýar.

Türkmenistanyň Serhet institutynyň salgysy:Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 175-nji jaýy; Tel.: 40-49-60, 40-49-61, 40-49-26.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok