Ylymly ýaşlar bilen ýagty geljege

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň eçilen mümkinçilikleri hem ösüşleri bilen galkynýar. Nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesillerimize berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak arkaly ony dünýä tejribesine, milli ýörelgelere daýanyp kämilleşdirmek döwletimiziň alyp barýan möhüm çäreleridir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, milli ýol-ýörelgelerimiz esasynda terbiýelenmegi üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim edaralarynyň, ylmy merkezleriniň, okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny täze döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar.  Garaşsyz hem Bitarap Diýarymyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» giň gerimde durmuşa geçirilip, olardan gelip çykýan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Sanly ulgamyň gazananlaryny, kämil tehnologiýalary ezberlik bilen peýdalanmakda daşary ýurt dillerini öwrenmekligiň zerurlygy örboýuna galýar. Bu ugurda orta, ýokary okuw mekdeplerinde ýaş nesle dünýä dilleriniň ençemesi öwredilýär, dil öwreniş merkezleri hereket edýär. Dünýä dillerini öwretmek babatda alnyp barylýan döwlet syýasatymyz ýaşlaryň dünýä derejesinde köptaraplaýyn bilim almaklaryna gönükdirilendir. Türkmenistanda bilim ulgamyny hil taýdan kämilleşdirmek, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan sagdyn pikirli, giň gözýetimli ýaş nesli terbiýelemek Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaş nesle kämil bilim, terbiýe bermekde okatmagyň yzygiderli hem-de ösen ulgamyny döretmek, şol sanda belli bir aralykdan bilim bermek ulgamy göz öňünde tutulýar. Türkmen ýaşlarynyň şeýle kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize ýaşlaryň alkyşlary egsilmezdir!

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok