«Altyn asyr» harytşynaslyk merkezi Täze ýyl sowgatlaryny hödürleýär!

«Altyn asyr» harytşynaslyk merkezi Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda özboluşly sowgatlaryň ençemesini halk köpçüligine hödürleýär.

Sowagtlar ýokary hilli dokma önümleri bilen doldurylan sebetlerden ybarat bolup, olaryň arasynda ýetip gelýän ýylyň nyşany bilen bezelen owadan ýorgan-düşek daşlyklary, dürli matalar, şypbyklar we başga-da köp zatlar bar.

Ýetip gelýän 2023-nji ýyl milli müçenamamyza görä Towşan ýyly bolar. Şoňa görä-de çagalar üçin ýörite «Towşanjyklar» atly dokma oýunjaklary, şeýle hem oýnawaç torbajyklary taýýarlanylypdyr.

2022-2023 ýylyň güýz-gyş möwsüminiň modaly önümleriniň arasynda açyk reňkli örme, ýüpek we dokma ýaglykdyr we gyňaçlar bar. Mundan başga-da, satuw tekjeleriniň haryt dürlüligi «Gala», «Ýeňiş», «Bedew», «ADT» we beýleki köp sanly içerki kärhanalaryň täze önümleri bilen dolup dur.

«Altyn asyr» harytşynaslyk merkezinde hödürlenýän dokma önümleri bilen öýüňizden çykman, jikme-jik tanşyp we olary internet dükandan satyn alyp bilersiňiz. Aşgabatda we oňa ýakyn ýerlerde eltip, elin gowşurmak hyzmaty-da amala aşyrylýar.

Iş wagty: her gün 9: 00-dan 20: 00-a çenli.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok