12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde baýramçylyk konserdi geçirildi.
Bu baýramçylyk aýratyn döwlet we halkara ähmiýetine eýedir hem-de Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň ýokary netijesine şaýatlyk edýär. Konserte tomaşa etmäge ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik intelligensiýasy, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Tomaşaçylaryň arasynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar bar. Olaryň baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşmagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik daşary syýasat ugruna, häzirki we geljekki nesilleriň ählisiniň hoşniýetli goňşuçylyk hem-de halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny özboluşly ýüze çykarýar.
Häzirki döwründe Türkmenistan döwletimiziň gazanan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiliginde ägirt uly gyzyklanma döredýär. Şunda syýasatçylar, jemgyýetçilik işgärleri, abraýly halkara guramalaryň bilermenleri, ýurdumyzyň deňsiz-taýsyz gazananlaryny Türkmenistanyň Prezidentiň Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan, çuňňur oýlanyşykly hem-de häzirki döwrüň hakykatyna kybap gelýän syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşdyrýarlar.
Baýramçylyk konsertde artistleriň çykyşlarynyň ýany bilen monitorlarda Türkmenistanyň iň täze taryhynyň wakalaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi.
Şeýle ýokary derejede başlanan baýramçylyk konserti ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur artistleriniň — halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, tans we aýdym-saz, folklor toparlarynyň ajaýyp çykyşlary bilen dowam etdi. Konsert çykyşlarynyň ählisi özüne çekijiligi we täsirliligi bilen tapawutlandy. Munuň şeýle bolmagyna baýramçylyk çykyşlarynyň taýýarlanylyşynda häzirki zaman tehniki serişdeleriniň peýdalanylmagy ýardam berdi.
Sahnada dürli dillerde aýdymlar ýaňlandy, dünýäniň halklarynyň nusgawy hem-de döwrebap saz eserleri we joşgunly tanslary ýerine ýetirildi. Rus, iňlis, türk, özbek, hindi dillerinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary dabaranyň täsirni has-da artdyrdy.
Aýdymçylar hem-de baýramçylyk konserdine gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Arkadag» diýen aýdym baýramçylyk dabarasynyň kuwwatly jemleýji bölegine öwrüldi. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konsertleri şu gün ýurdumyzyň welaýatlarynyň ähli iri estrada sahnalarynda-da geçirildi.

Baýramçylyk konserdiniň dowamynda Mukamlar köşgüniň zalynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklarymyzyň, ussat nakgaşlarymyzyň, külalçylarymyzyň dürli ýyllarda döreden sungat işleriniň sergisi guraldy. Ony synlan watandaşlarymyz hem-de daşary ýurtly myhmanlar halkymyzyň milli gymmatlyklary, medeni ösüşlerimiz bilen ýakyndan tanyş boldular.








Teswirler