«Altyn Asyr» ÝGPJ täze internet bukjalaryny hödürledi!

«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ilatyň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutup, täze internet bukjalaryny ulanyjylara hödürledi. Indi, TMCELL» mobil aragatnaşyk operatorynyň ulanyjylary täze internet hyzmatlaryny 1 aýyň dowamynda ulanyp bilerler.

Täze hödürlenilen internet bukjalary:

«Internet-10» bukjasy 250 MB-dan ybarat bolup, bahasy 10 manat;

«Internet-60» bukjasy 1,5 GB-dan ybarat bolup, bahasy 60 manat;

«Internet-200» bukjasy 20 GB-dan ybarat bolup, bahasy 200 manatdan ybaratdyr.

Täze internet paketlerini işjeňleşdirmek üçin aşakdaky (USSD kodlary) belgileri girizmeli:

— «Internet-10»: *0850*10#

— «Internet-60»: *0850*60#

— «Internet-200»: *0850*200#

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok