Aglan wagtymyz näme üçin burnumyz akýar?

Burnumyz günüň dowamynda dürli sebäplere görä, meselem üşän wagtymyzda, aglanymyzda, ajy iýmitleri iýenimizde akyp bilýär. Aglan wagtymyz burnumyzyň akmagynyň sebäbi gözýaş ulgamynyň işleýşi bilen baglanyşykly bolup durýar.

Gözümiziň hemişe çygly bolmagy üçin gözümiz tarapyndan yzygiderli gözýaş öndürilýär. Gözlerimiziň kadaly işlemegi we takyk görmegimiz üçin göz ýaşlary örän  zerurdyr. Gözýaşlar ýokarky gabaklaryň içinde ýerleşýän gözýaş mäzi tarapyndan öndürilýär. Gözümizi gyrpan wagtymyz gözýaşlar gözüň üstüne doly ýaýraýar. Soňra gözýaş ýokarky we aşaky gabaklaryň birleşýän ýerindäki göz ýaşardyjy kanallar arkaly burun boşlugyna akýar. Gözümizi ýumanymyzda gözüň bütin ýüzüne gözýaş döküldi. Soňra göz ýaşy ýokarky we aşaky gabaklaryň çatrygynda ýerleşýän gözýaş kanallary arkaly burun boşlugyna akýar. Bu ýerde gözýaş gaýtadan siňdirilýär. Bu ulgam, biz habarsyz bolsak-da, yzygiderli işläp durýar. Gözlerimiz bir ýylda 50-100 litr gözýaş öndürýär.

Aglan wagtymyz gözümizde öndürilýän gözýaşlaryň mukdarynyň köpelmegi bilen burun boşlugyna akýan gözýaşlaryň mukdary hem köpelýär we sümük bilen garyşyp burunymyzdan akýar.

Şeýle-de okaň!:

Atajan Eýýupow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok