Döwrebap ylym-bilim – ösüşiň hereketlendiriji güýji

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly, şol sanda kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen üpjün edilen, öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylan häzirki zaman okuw mekdepleriniň giň ulgamyny döretmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirýän syýasaty şeýle asylly maksatlaryň hasyl bolmagyny üpjün edýär. Häzirki döwür ylmy-tehniki ösüşiň döwrüdir, täze zamana bilimiň derejesiniň we hiliniň, tehnologiýalaryň hem-de döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüşi bilen şertlendirilýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda ýokary derejeli, hemmetaraplaýyn bilimli, döredijilikli pikirlenýän, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan oňat baş çykarýan ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Biziň ýurdumyz milli bilimiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de dünýäniň bilim giňişligine üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek, umuman, bilimlere esaslanýan jemgyýeti gurmak üçin zerur bolan baý tejribe toplady.

Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli bilim ulgamy uly özgerişleri, ösüşleri başdan geçirýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik işler Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, täze tapgyrlara çykarylýar.

Häzirki zaman tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze we durky täzelenen mekdepler şu günki gün bilim bermek işine sanly bilimiň ornaşdyrylmagy üçin ajaýyp maddy-tehniki binýat bolup hyzmat etdi. Şuňa laýyklykda, okuw meýilnamalaryna we maksatnamalaryna degişli üýtgetmeler girizilýär. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda ep-esli işler edildi. Bilim bermek we bilim öwrenmek işinde sanly ulgamdan peýdalanmak bilim-terbiýeçilik işiniň has janly we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede guralmagyna mümkinçilik berýär.

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy adamzadyň ýaşaýşynda ylymly-bilimli bolmagyň ähmiýetini belläp, «Nesihatym uly ile ylymdyr» diýmek bilen, halkymyza bu ugurdan öz paýyny almagy nesihat edipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dana akyldarymyzyň paýhas siňen setirlerini ýörelge edinýän halkymyz ylma jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly hereketlendiriji güýji hökmünde garaýar.

Ýurdumyzyň ylmyny hil taýdan täze, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň hem-de tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirmek — bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň alymlarynyň, ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde goýýan belent wezipeleridir.

Sülgün GELDIMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok