Bilim — rowaçlyklaryň sakasy

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler netijesinde ylym-bilim ulgamy-da örän çalt depginler bilen ösýär. Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek hem-de olaryň hünär başarnyklaryny artdyrmak, dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we okuw-usulyýet binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, bu ugurda sanly bilimiň döwrebap mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bilim ulgamyny kemala getirmek babatda durmuşa geçirilýän döwrebap işleriň barha giň gerim alýandygyna şaýatlyk edýär. Sanly bilimiň ösdürilmegi ýaş nesillere bilim berlişiniň hilini kämilleşdirmekde, hünärleriň inçe tilsimlerini öwretmekde täze mümkinçilikleri açýar.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», şeýle-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýaşlar hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Täze taryhy döwürde ýaş nesliň ylymly-bilimli, edepli-terbiýeli bolup ýetişmegi, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Bu günki gün iň täze we innowasiýalara daýanýan enjamlardan, tehnologiýalardan baş çykarýan, ruhy taýdan ösen, beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli nesilleriň kemala gelýändigini olaryň halkara derejede geçirilýän döredijilik we zehin bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanýandyklary subut edýär.

Bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ýaş nesilleriň bagtyýarlygy, nurana geljegi ugrunda uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir! Goý, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, halk bähbitli belent tutumlary bagtyýar döwrüň rowana ýollarynda üstünliklere beslensin!

Göwher MUHAMMETGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok