«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýolagçy ýük nyrhlaryny üýtgetdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlaryň ýolagçylarynyň ýanyna almaga rugsat berilýän goşlardan artyk bolan ýükler üçin goşmaça alynýan tölegiň nyrhnamasyna üýtgetme girizdi.

Mälim bolşy ýaly, biznes klasyň ýolagçylary el goşlary bilen bilelikde tölegsiz ortaça 40 kg, ekonom klasyň ýolagçylary bolsa 25 kg möçberdäki ýüki öz ýanlary bilen alyp bilýärler.

Täze girizilen nyrhnama laýyklykda, kesgitlenen möçberden daşary goşlar üçin tölegler şu görnüşde bellendi: 32 kilograma çenli 1 (bir) sany goş (çemodan, sumka) üçin daşary ýurt raýatlary 80 amerikan dollaryny, türkmenistanly raýatlar bolsa 280 manat tölärler. Bu üýtgetme şu ýylyň 1-nji dekabryndan başlap güýje girer.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok