Türkmenistan Ýewropanyň ýokary okuw mekdepleriniň hünär derejelerini ykrar edip başlady

Türkmenistan indi Ýewropa sebitiniň ýokary okuw mekdepleri ulgamynyň hünär derejelerini ykrar edýär. Bu baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken kanuny resmi taýdan türkmen metbugatynda çap edildi. Bu barada «ORIENT news» habar berýär.

Ýewropa sebitinde ýokary bilim bilen baglanyşykly hünär derejesini ykrar etmek baradaky Konwensiýa (Lissabon konwensiýasyny ykrar etmek hakynda) şertnamalaýyn agza ýurtlaryň hersinde alnan hünärleriň ykrar edilmeginiň kepilligini göz öňünde tutýar.

Belläp geçsek, bu Ýewropa sebitinde bilim alan uçurymlara milli bilim ulgamynyň çäginde alymlyk derejesini almak üçin mundan beýläk hem okuwyny dowam etdirmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, resminama Konwensiýanyň agza ýurtlarynyň zähmet bazaryna elýeterliligini aňsatlaşdyrýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok