Ylym-bilim kämilligiň açary

Arkadagly Serdarymyzyň aladasy netijesinde ýaş nesli hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek üçin ähli şertler döredildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimli, ýokary aň-düşünjeli, giň gözýetimli we giň dünýägaraýyşly ýaşlar kemala gelýär. Ýurdumyzda ýaş nesillere berilýän bilimiň hili kämilleşdirilýär, olary milli we dünýä tejribesiniň gazananlary esasynda terbiýelemekde oňat netijeler gazanylýar. Bilim ulgamynda gazanylanlaryň ykdysady bähbitlere gönükdirilmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülýär we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda alnyp barylýar.

Ýokary hilli bilim almak, hünär öwrenmek, jemgyýetiň durmuşyna işjeň gatnaşmaga taýýar bolmak her bir adam üçin bagtdyr. Bilim halkymyzyň asyrlarboýy toplan we nesilden-nesle geçip gelýän gymmatly baýlygy bolmak bilen, durmuş kadalarynyň, medeniýetiň, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň çeşmesi hasaplanýar. Ata-babalarymyz kitap okamagy, sowat öwrenmegi, geçmiş taryhyny gowy özleşdirmegi ýaşlara hemişe wesýet edipdirler. Çünki ylym-bilim danalaryň aýdyşy ýaly, tükeniksiz ýoldur, ol köňül gapylaryny açýar.

Häzirki zaman tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze we durky täzelenen mekdepler şu günki gün bilim bermek işine sanly bilimiň ornaşdyrylmagy üçin ajaýyp maddy-tehniki binýat bolup hyzmat etdi. Şuňa laýyklykda, okuw meýilnamalaryna we maksatnamalaryna degişli üýtgetmeler girizilýär. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda ep-esli işler edildi. Bilim bermek we bilim öwrenmek işinde sanly ulgamdan peýdalanmak bilim-terbiýeçilik işiniň has janly we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede guralmagyna mümkinçilik berýär.

Talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, işlemegi we döretmegi babatda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok