Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Lýusiýa Waýld Mary welaýatyna baryp gördi.
Ilçi Mary şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna şeýle-de Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebine baryp, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak barada leksiýa okady. Soňra bolsa leksiýanyň ahyrynda Dewid Attenboronyň «Planetamyzdaky durmuş» atly filminiň görkezilişi guraldy.
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Lýusiýa Waýld, Marydaky mugallymçylyk mekdebinde başlangyç synp okuwçylaryna iňlis dilini öwretmegiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Ilçi türkmen talyplarynyň iňlis dilini bilişleriniň derejesine ýokary baha berdi.
Teswirler