TITU-nyň Umumy we amaly biologiýa institutyny doly hojalyk hasaplaşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar

25-nji noýabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň, Himiýa institutynyň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynyň meseleleri barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň amaly ylmy-barlag edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutyny doly hojalyk hasaplaşygyna geçirmek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, düýpli we amaly ähmiýetli ylmy barlaglaryň, kärhanalaryň, edaralaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen innowasion tehnologiýalaryň netijeliligi üçin şertleriň döredilmeginiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ylmy-barlag institutlarynyň doly hojalyk hasaplaşygyna geçirilmeginiň öz-özüňi dolandyryş ulgamyny ep-esli gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ylmyň gazananlaryny milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna has işjeň ornaşdyrmaga hem ýardam etjekdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok