Il saglygy — ýurt baýlygy

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygy ähli zatdan ilerde goýlup, halkymyzyň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup, ruhubelent zähmet çekmegi, durmuş eşretleriniň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzda yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri, şypahanalar, sagaldyş edaralary we beýleki desgalar bu ugurda uly ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlyga beslenip ýaşaýan ildeşlerimizi Watanymyzyň ösüşli menzillerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Ýaş­la­ryň sag­dyn, berk be­den­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bo­lup ýe­tiş­mek­le­rin­de be­den­ter­bi­ýä­niň we sportuň uly or­ny bar­dyr. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni or­naş­dyr­mak­, be­den­ter­bi­ýä­ni, spor­ty ös­dür­mek­ boýunça uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ba­bat­da şeý­le bel­le­ýär: «Döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan esa­sy ugur­la­ry hök­mün­de we­la­ýat­la­ry­myz­da we paý­tag­ty­myz­da hä­zir­ki za­man kli­ni­ki we yl­my-kli­ni­ki mer­kez­ler, Olim­pi­ýa şä­her­çe­si, kö­pu­gur­ly sport top­lum­la­ry, döw­re­bap sta­dion­lar gur­lup, hä­zir­ki za­man dü­züm­le­ri dö­re­dil­di. Jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ro­waç­lan­dyr­mak­da, be­den­ter­bi­ýä­ni we köp­çü­lik­le­ýin spor­ty iş­jeň­leş­dir­mek­de baý tej­ri­be top­lan­dy». Şu pa­ra­sat­ly söz­ler­den gör­nü­şi ýa­ly, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­leri ro­waç­la­nyp, be­den­ter­bi­ýe we sport giň ge­rim­de ös­dü­ril­ýär.

Döwletimizde ýaş nesliň sagdyn bedenli we sagdyn ruhly, ylymly we bilimli bolmagy barada uly aladalar edilýär. Ýaşlaryň saglygy babatda-da birnäçe maksatnamalar kabul edilip, olardan 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýany, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany» görkezmek bolar. Bu maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda çaganyň irki ösüşi üçin zerur ýokary hilli saglyk hyzmatlarynyň, kadaly iýmitlenişiň, mekdebe çenli bilimiň üpjün edilmegi babatda uly işler alnyp barylýar. Ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bedenli bolup ýetişmegi bilen birlikde, olary durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek babatda döwlet derejesinde amala aşyrylýan işler aýratyn bellärliklidir.

Sähetbike ÖWEZOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok