Aşgabatda “RoboFest – 2022” tehnologiýa şüweleňi geçirilýär

12-13-nji noýabrda Aşgabat şäheriniň 87-nji orta mekdebinde RoboFest-2022 robot tehnikasyna bagyşlanan festiwaly geçiriler. Robot festiwalyň çäklerinde tehnologiýa sergisi we görkezme çykyşlar hem gurnalar.

Festiwalyň çäklerinde geçiriljek bäsleşikler 3 ugur boýunça geçiriler:

  1. Sumo Robot ýaryşy;
  2. Labiant ýaryşy;
  3. Proýekt ýaryşy;

Ýaryşa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan adamlar gatnaşar.

Belläp geçsek, Robot festiwaly şu ýylyň 10-njy maýynda Aşgabat şäheriniň 97-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylarynyň arasynda 4 sany ugur boýunça geçdi.

Robot festiwal bäsleşiginiň düzgünleri

Festiwalyň çäklerinde geçiriljek bäsleşikler 3 ugur boýunça geçiriler:
1.Sumo Robot ýaryşy
2.Labiant ýaryşy
3.Proýekt ýaryşy

Sumo Robot:

-Robotlaryň agramy 1-2 kg-dan geçmeli däl;
-Robot taýyn oýunjak we ş.m bolmaly däl;
-Robotyň başlangyç ölçeginiň ini 25 sm we uzynlygy 25 sm-den uly bolmaly däl, oýun başlanyndan soňra öz mehaniki konstruksiýasy bilen ulalyp kiçelip biler;
-Robotda motor üçin 3 x Li-on 3.7 V we electron plata üçin 2 x Li-on 3.7 V ulanyp bolýar. Artykmaç ulanmak bolmaýar.

Labiant ýaryşy:

-Robotyň ululygy labirintiň ölçegine gabat gelmeli;
-Motor we batareý çäklendirmesi ýok;
-Robotlar awtomatiki ýagdaýda hereket etmeli;
-Labirintden öň çalt çykan robot ýeňiji yglan ediler.

Proýekt ýaryşy:
-Bu ýaryşa gatnaşmak üçin topar bolmaly okuw edarasyna bagly bolmaly;

Festiwalyň çäklerinde geçiriljek ýaryşa ähli welaýatdan adamlar gatnaşyp biler.

KAKAGELDI AKMYRADOW,
TDIM-niň HGI-niň Halkara žurnalistikasy
fakultetininiň I ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok