Talyp gyzlaryň arasynda «Gelnejem-gelen ejem» atly milli el işleriniň ýaryşy geçirildi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasynda ýurdumyzyň  ähli ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle ajaýyp özgerişler bilim ulgamynda döwrebap hünärmenleri taýýarlamakda-da özüniň düýpli netijesini görkezýär.

25-nji oktýabrda, Türkmen oba hojalyk institutynda  talyp gyzlaryň arasynda gadymy türkmençilik däp-dessurlarymyzy has-da ýaýmak maksady bilen institutyň Zenanlar guramasynyň ýolbaşçylygynda «Gelnejem-gelen ejem» ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň çäginde talyp gyzlar öz ukyp başarnygy esasynda el işleri ýerine ýetirmek, milli tagamlary taýýarlamak,  öz ukyp-başarnygyňy milliligimiz esasynda görkezmek ýaly şertler esasynda ýaryşdylar. Bäsleşik institutymyzyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen has-da şatlyk-şowhuna beslendi. Bäsleşigiň netijesinde  I orna institutymyzyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň talyp gyzlary we Agronomçylyk fakultetiniň talyp gyzlary, II orna Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň talyp gyzlary mynasyp boldular.

Bize ajaýyp zamanamyzda şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, ýurt bähbitli-il ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun!

Dünýägözel ARAŞOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Oba hojalygynyň meliorasiýasy
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok