Kiberhowpsuzlyk boýunça merkez açyldy

Golaýda, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda maglumat goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen döredilen Kiberhowpsuzlyk boýunça öňdebaryjy tejribeler merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Merkeziň taslamasyny Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkezi bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilelikde işläp düzdi.

Kiberhowpsuzlyk boýunça öňdebaryjy tejribeler merkezi kiberjenaýatçylygyň üsti bilen zyýan ýetirmek synanyşyklaryna garşy göreşmekde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna ýakyndan hemaýat berer. Merkez ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere hem goldaw bolar.

Ýatladyp geçsek, 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, bu gulluk döredildi. Geçen iki ýyl bäri maglumat howpsuzlygyny döretmek ugrunda ÝHHG bilen bilelikde işjeň iş alnyp barylýar.

Häzirki wagtda «2022 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Döwlet kiberhowpsuzlyk maksatnamasy» durmuşa geçirilip başlandy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde diýen ýaly kiberhowpsuzlyk fakulteti bar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok