Amerikanyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş guramasy «NASA» tarapyndan neşir edilen maglumatlara görä, şu ýylyň oktýabr aýyna çenli Ýere ýakynlaşýan asteroidleriň sany 30 müňden geçdi.
Ähli asteroidler Ýewropa kosmos gullugynyň Ýerdäki obýektleri utgaşdyrmak merkezi tarapyndan yzarlanýar. Bu kosmos jisimleriniň ählisi Ýer bilen çaknyşyp bilme howpy bar.
Bu çaknyşyk global betbagtçylyk bilen planetany howp astyna salmagy mümkin. Bu asteroidler Ýeriň orbitasyndan takmynan 45 million kilometr uzaklykda we her 400-den 50-siniň ini 140 metrden gowrakdygy mälim edildi.
«NASA» – käbir asteroidleriň ini 1 km-den hem geçýändigini belleýär. Bu bolsa asteroidleriň Ýer bilen çaknyşan ýagdaýynda täsirine görä has uly meýdany ýok edip biljekdigini aňladýar.
Ýewropa kosmos gullugynyň Ýerdäki obýektleri utgaşdyrmak merkezi Ýere has howply ýakynlaşýan asteroidleri anyklap oňa garşy çäre görmek boýunça hem degişli işleri geçirýär.
Kakamyrat BAÝRAMMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler