Dil bilen dünýäni açar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşymyzyň ähli ugurlary, şonuň bilen birlikde, milli ylym-bilim ulgamy hem ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bilim özgertmeleri Arkadagly Serdarymyz tarapyndan täzeçe çemeleşmelerdir, başlangyçlar bilen üstünlikli dowam etdirilýär. Şeýlelikde, iň öňdebaryjy tejribä, dünýäniň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bu ulgam nesillerimiziň halkara derejede bilim almagyna gönükdirilen netijeli işler esasynda kämilleşdirilýär. Bu günki günde watansöýüji, halal, intellektual derejesi ösen, bäsleşige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlar bu günki gün ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hakynda Karara gol çekdi. Bu konsepsiýa ýurdumyzda bilim ulgamyny  kämilleşdirmek  babatynda örän ähmiýetlidir.  Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw-döredijilik işini ele almagyny üpjün edýän okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak – bu Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär.

Her bir halkyň geçmiş taryhyna, ruhy mirasyna nazar aýlasak, dilleri öwrenmegiň ähmiýeti, zerurlygy baradaky pikirlere köp gabat gelmek bolýar. «Köp dil bilen, köp biler», «Adamyň akyllysy dil öwrener», «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam», «Dil bilen dünýäni açar», ýaly Oguz han Türkmenden gözbaş alyp gaýdýan paýhasly setirler dil öwrenmegiň möhümligine ýene bir gezek şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda, şol sanda, ýokary okuw mekdeplerinde hem «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak üçin uly işler alnyp barylýar. Munuň özi, daşary ýurt dillerini suwara bilýän ökde hünärmenleri taýýarlamaga oňyn täsirini ýetirýär.

Bize şeýle ajaýyp zamanada okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri açyp berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, tutumly işleri rowaç bolsun!

Tawus ATDAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň
uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok