Türkiýä adaty uçar gatnawlary başlaýar. Petekler eýýäm satylyp başlandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 5-nji oktýabrdan Türkiýe Respublikasyna adaty ýagdaýda yzygiderli uçar gatnawlaryny ýola goýýar. Gatnawlar her hepde-de 4 gezek ýagny duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylar. Gatnawlaryň has hem artmagyna garaşylýar.

Petekler häzirden «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky ofisinde şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde satylyp başlady.

Bilediň bahasy: ekonom klas – 403 ABŞ-nyň dollary, biznes klass – 753 ABŞ-nyň dollary.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok