Berekede beslenen meýdanlar

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 2-nji sentýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 14-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda «ak altynyň» bol hasyly ýetişdirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk toýunyň belentden tutulýan ýylynda ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlary hem «ak altynyň» oňat hasylyny kemala getirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekdiler.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda ýetişdirilen «ak altyny» ýitgisiz ýygnap almak boýunça birnäçe şertler döredildi.  Ýeri gelende bellesek, tutuş ýurdumyz boýunça pagta ýygymy möwsüminde 1600 kombaýn, ýetişdirilen hasyly daşamak üçin dürli ulaglaryň 7800-si ulanylar. Möwsüme pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy, kabul ediş harmanhanalarynyň 158-si taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin tehnikalara gije-gündiziň dowamynda tehniki-hyzmat ediş işleri guraldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň, ýygymçylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertler döredildi.

Mähriban ROZYÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok