Türkmenistan 275 zyýaratçyny haj parzyny berjaý etmek üçin mugt iberer

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2022-nji ýylyň 2 – 22-nji iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 275 zyýaratçy Saud Arabystany Patyşalygyna iberiler.

Şeýle hem, Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok