Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna amala aşyran toý saparynyň çäklerinde Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri, alym B.Nowruzow ýurdumyzda bugdaýyň täze döredilen gylçykly we gylçyksyz görnüşleri bilen tanyşdyrdy.
Alym B.Nowruzowyň aýtmagyna görä, bugdaýyň täze döredilen görnüşleriniň hasyllylyk derejesi her gektardan 55-60 sentnere barabar bolup, olar 200-210 günüň dowamynda ýetişýär.
Türkmenistanyň Prezidenti bugdaýyň täze görnüşleriniň häzirki döwrüň ruhuny alamatlandyrýan “Berkarar” we “Galkynyş” diýlip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de alym-agronomlara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Teswirler