Microsoft kompaniýanyň esaslandyryjysy Bil Geýts tomusda okamak üçin 5 sany kitap maslahat berdi. Soňky wagtlarda kitaplar bilen ünsi özüne jemleýän Geýts özüniň kitap okamak üçin wagtyny aýyrmaga uly üns berýär.
Microsoft-yň esaslandyryjysy, kitaplary kenarda okamagyň aňsat däldigini, emma gender deňliginden howanyň üýtgemegine çenli köp meseleleriň açylýandygyny aýtdy. Ol bu tomus üçin okamagyny maslahat berýän kitaplarynyň sanawy bolsa şulardan ybarat:
- The Power – Naomi Alderman
- Why we’re polorized – Ezra Klein
- The Lincoln highway – Amor Towles
- The ministry for the future – Kim Stanley Robinson
- How the world really works – Vaclav Smil
Bil Geýts – “Microsoft şereketini“ esaslandyryjylaryň, şeýle hem dünýäde iň baý we jomart haýyr – sahawatçylaryň biri bolup durýar. Bil Geýts dünýäde iň täsirli şahsyýetleriň biridir. Ol kompýuter senagatynyň iň belli brendleriniň biriniň esaslandyryjysydyr.
Altyberdi HOJABERDIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.
Teswirler