Bitaraplyk derejesi türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň çür başydyr. Hemişelik Bitaraplygymyz hem edil Garaşsyzlygymyz ýaly ýakymy bilen dabarasy soňlanmajak mukaddeslikdir. Bilşimiz ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde dünýäniň 185 döwleti Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini biragyzdan ilkinji gezek ykrar edipdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçen 69-njy mejlisinde bolsa 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasy gaýtadan kabul edildi. Şol ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda BMG-niň howandarlyk etmeginde «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat geçirildi we onda Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşy aýratyn orny eýeledi.
Bitaraplyk munuň özi asuda ýaşaýşyň, agzybir durmuşyň, ertire bolan ynamyň kepillenmesidir, arkaýyn okamak, öwrenmek, döretmek mümkinçiligidir. Çünki hemişelik Bitaraplyk — baky abadançylykdyr.Geçen ýyllar döwletimiziň öz saýlap alan syýasy ýoluna doly wepalydygyny, Bitaraplygyň ähli borçlaryny we talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigini dünýä ýüzünde subut etmegi başardy. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem hut şu ýerde — gözel paýtagtymyz Aşgabatda açylmagy şol tagallalaryň netijesidir.
Şöhle HOJAYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby.
Teswirler