Ynsan ömründäki ähli lezzeti, şatlygy, süýjüligi diňe öz saglygy bilen duýýar. Şonuň üçin, eger-de biz gowy we gurply durmuşda ýaşasymyz gelýän bolsa, ilkinji nobatda saglygyň gadryny bilmeli bolýarys. Munuň iň ygtybarly ýoly bolsa sport we zähmet bilen meşgullanmak. Arassa howada, tebigatda gezim etmekdir. Adam näçe köp hereketde boldugyça onuň gan aýlanyşygynyň gowulaşýandygy, süňňüniň barha taplanýandygy ylmy taýdan subut edilen hakykat. Beden sagdynlygy, akyl sagdynlygy, ruhy sagdynlyk ynsanyň esasy baýlygy, baş hazynasydyr. Şular gurat bolsa, beýleki baýlyklary gazanmagyň müşgil däldigi hemmä mälim.
Ýaş nesliň, jemgyýetiň, tutuş halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak – döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwletimizde “Saglyk” Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeginde gözüňi dokundyrýan, göwnüňi galkyndyrýan, saglygyňy berkidýän lukmançylyk merkezleriniň, şypahanalaryň, derman kärhanalarynyň we milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä göteren beýleki ugurdaş desgalaryň, dynç alyş seýilgähleriň, sport mekdepleriniň giden bir tapgyrynyň, uly-uly toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi, giň mümkinçilikleriň döredilmegi aýratyn bellemeli zatlar. Dünýäniň öňdebaryjy we tanymal tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu ýerlerde saglygyňy berkitmek we diteltmek üçin ähli şertler bar. Sagdynlyk, bedenterbiýe bilen meşgullanmak biziň durmuşymyzda iň wajyp ugurlaryň birine öwrüldi. Il bähbitli şeýle işleriň hatarynda bedenterbiýe sapaklarynyň girizilmegi, Berkarar döwletimiziň ähli gatlaklaryny öz içine alan Milli spartakiada ýaryşlarynyň her ýyl geçirilmeginiň däbe öwrülmegini görkezmek bolar.
Altyn SAKALOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.
Teswirler