“Lomonosow” adyndaky uniwersiadasynda türkmen talyplary ezberligini görkezdi

Türkmen talyplary Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň guramagynda geçirilen “Lomonosow” uniwersiadasyna gatnaşdylar. Türkmen talyplary bäsleşikde ezberlik görkezip 3 sany baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu barada “Altyn Asyr” elektron neşiri habar berýär.

Dil bilimi, sebiti öwreniş we medeniýeti öwreniş boýunça geçirilen bu bäsleşikde D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Aýnur Jumaşowa iňlis dili boýunça ikinji oruny eýeledi. Iki sany ikinji orun Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Jumamyrat Myradowa we Hojamyrat Orazowa berildi. Talyplar ikinji derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.

Türkmen talyplary “Lomonosow” uniwersiadasyna dördünji gezek gatnaşýarlar we şu ýyl iňlis, nemes, rus, fransuz we ispan dilleri boýunça bäsleşikde çykyş etdiler, beýleki ýokary okuw mekdeplerimiziň talyplary bolsa rus dili boýunça bäsleşige gatnaşdylar.

Enejan NEDIROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok