Türkmenbaşy we Astrahan indi dogan şäher boldular

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyna ilçisi Batyr Niýazliýew hem-de Astrahan sebitiniň häkiminiň orunbasary Oleg Knýazew bilen Moskwada geçen ýygnagynyň netijeleri boýunça Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň we Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky çözgüt kabul edildi.

Çözgütde görä Astrahan we Türkmenbaşy şäherleriniň arasynda «dogan şäher» yglan edilmegi, bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy nazarlaýan ylalaşyga gelindi, diýip Orient habar berýär.

Astrahan şäher häkimi Oleg Polumordwinow, Astrahan sebitiniň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow we Astrahan döwlet uniwersitetiniň rektory Konstantin Markelow rus tarapynyň adyndan gepleşiklere gatnaşdy. Mejlise gatnaşanlar Astrahan we Balkan welaýatlarynyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlyga garaşýandyklaryny bellediler.

Ilki bilen deňiz transportyny, gämi gurluşygyny we syýahatçylygy gowulandyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk ýola goýular.

Okuw-türgenleşik hyzmatdaşlygy boýunça, V.N. Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň rektory Konstantin Markelow we Magtumguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Baýramgul Orazdurýewanyň arasynda ylalaşyga gol çekildi.

Iki ýurduň uniwersitetleri bilelikdäki taslamalary, alyş-çalyşlary, ýokary okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmek we durmuşa geçirmek, goşa diplom bermek meselesinde ylalaşdylar.

Işangulyýewa Käbegül,

Türkmenbaşy şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 5-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok