Innowasiýa düşünjesi täze önümlere we hyzmatlara, olaryň öndüriliş usullaryna, guramaçylyk, maliýe, ylmy-barlag we beýleki ugurlardaky täzeliklere, harajatlary tygşytlamaklygy üpjün edýän täze tehnolgiýalary ornaşdyrmaklyga degişlidir. Innowasion proses täze ideýalaryň, pikirleriň ýüze çykmagyndan başlanýar we olaryň durmuşa geçirilmegi bilen tamamlanýar. Ol ylmy, tehnikany, ykdysadyýeti, telekeçiligi we dolandyryşy birleşdirýär, şeýlelikde, önümçiligi, alyş-çalşy, sarp edişi öz içine alýar.
Innowasion syýasat ylym, tehnika we önümçilik gurşawynda innowasion işi höweslendirmek, meýilnamalaşdyrmak, dolandyrmak boýunça geçirilýän çärelerden ybarat bolup durýar. Döwlet ylmyň, şol sanda amaly ylymlaryň ösmegine, ylmy işgärleri, hünärmenleri (kadrlary) taýýarlamaga kömek edýär. Önümçilik gurşawynda innowasion işjeňligi ýokarlandyrmaklyga gönükdirlen maksatnamalary düzýär. Innowasion syýasatda döwletiň esasy weizpesi ˗ bar bolan ylmy-tehniki kuwwatyny ykdysadyýetiň ösüşine gönükdirmekden ybaratdyr.
Ýurdumyzyň uly innowasion kuwwaty bar. Dürli ugurlar boýunça akademiýalar, ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri işleýär. Şolarda alymlaryň, ylmy işgärleriň ençemesi zähmet çekýärler. Ýöne bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen, bar bolan innowasion kuwwaty peýdalanmakda birnäçe meseleler ýüze çykýar. Innowasion işi, täzeçilligi, ylmy ýokaryk götermek üçin bolsa, maýa goýumlar, maliýe serişdeleri gerek bolýar.
Dünýä tejribeinmde hiç bir döwlet innowasion işi maýa goýumlar bilen üpjün etmekligi tutuşlygyna öz üstüne almaýar. Innowasialara höweslendirmäge ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegi, hususyýetçiler, telekeşiler serişde goýýarlar. Bu bolsa innowasion telekeçiligin ýüze çykmasydyr. Innowasion telekeçilik – bu peýda gazanmak maksady bilen düýpli ylmy-barlaglary talap ediji tehnologiýany işläp taýýarlamaklygy we ony önümçilige ornaşdyrmaklygy aňladýar. Innowasion telekeçiligi alyp barmakda kiçi we orta kärhanalary döretmeklik maksadalaýyk hasaplanylýar. Şeýle kärhanalar iri kompaniýalara garanyňda, innowasion işi ýola goýmakda uly artykmaçlykdan peýdalanýarlar. Olaryň gurluşygy we durkuny täzelemeklik az harajatlary talap edýär. Kiçi kärhanalar gyşga wagtyň dowamynda önümiň täze görnüşini ornaşdyrmaklyga ukyply bolýar. Innowasion telekeçiligi ösdürmek boýunça ösen bazar ykdysadyýetli ýurtlarda baý tejribeler bar. Olary öwrenmek we ýerli şertlere uýgunlaşdyryp, milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmak Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň mümkinçiliklerini artdyryp biler.
Ösen bazar ykdysadyýetli ýurtlaryň tejribeleriniň görkezişi ýaly, innowasion telekeçiligi ösdürmeklige gönükdirilen strategiýa, onuň gündelik meseleleri nukdaýnazaryndan seredeniňde, onçakly netijeli däldir. Bu ýerde, ozaly bilen, iş, bilen üpjünçilik meselesini agzamak mümkin. Innowasion telekçilik ownuk we orta täjirçiligiň umumy düzüminiň 10 göterime golaýyny tutýar. Mundan başga-da tutuş ownuk we orta şereketleriň hemmesiniň ösüşüne ýokary durnuksyzlyk häsiýetlidir. Angliýanyň Demirgazyk graflygynyň maglumatlaryna görä, şereketleriň döredilen gününden 10 ýyl geçenden soň, olaryň işgäriniň 100 adamdan geçmeginiň ähtimallygy 0.5 – 0.75 aralygyndadyr. 1984-nji ýylda Gündogar Angliýanyň ownuk we orta şereketlerinde geçirilen pikir soraşygynyň netijesi, şereketiň döredileninden 8 ýyl geçensoň, olarda işleýänleriň sanynyň ortaça 12 adamdygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa her 100 sany täze dörän kärhananyň, şereketiň 10 ýyldan soň ýaryşynyň ýapylýandygy bilen baglydyr. Diňe galanlarynyň dördüsine umumy iş bilen meşgullanýanlaryň 50 göterimi degişli bolup durýar.
Amangül GYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler