Balkan welaýatynda elektrik energiýasyny öndürmekde ýel elektrik stansiýalaryndan peýdalanmaklygyň mümkinçilikleri

Häzirki wagtda dünýäde ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz işleýän, howpsuz innowasion tehnologiýalary ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ornaşdyrmak, daşky gurşawy zyýanly gazlardan we tüsselerden gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli we tygşytly peýdalanmak boýunça öňdebaryjy ösen tehnologiýalar bilen baglanşykly ylmyň derwaýys ugurlarynyň wajypdygy hakynda aýratyn bellenilýär. Bu bellenilenleriň esasynda düýpli ylymlary ösdürmek, ylmy-tehniki kuwwaty artdyrmak, aň-bilim işgärleriniň-alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ylyma has ukyply ýaşlary çekmek ylym özgertmeleriniň esasy wezipeleri gelip çykýar.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň eksport kuwwatyny artdyrmak, uzakda ýerleşen sebitleri elýeterli we arassa energiýa bilen üpjün etmek, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak we senagaty ösdürmek, şeýle-de durnukly ösüşiň we Klimatyň üýtgemegi baradaky Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda çykaran 2007-nji karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýany” amala aşyrmakda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda: “Senagat gün we ýel elektrik stansiýalaryny ýerleşdirmäge mümkinçiliginiň bolan ýerleri we meýdanlary baradaky teklipleri öwrenmek we taýýarlamak” meýilleşdirilýändigini hasaba alsak, bu işi ýerine ýetirmekligiň wajyp mesele bolup durýandygyna göz ýetirmek bolýar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynynda geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde ýeliň ýyllyk ortaça tizliginiň iň ýokary bolan sebitlerinde seljerme işleri geçirilip, Balkan welaýatynyň Garabogaz, Balkanabat, Ogryja, Duzlybogaz we Bereket etraplarynyň degişlidigi anyklanyldy. Bu bolsa degişli etraplarda ýel elektrik stansiýalarynyň gurluşygy üçin amatly potensialyň bardygyny subut etdi. Balkan welaýatynyň etraplary boýunça gidrometrologiýa gullugynda toplanan maglumatlara görä (2015-2018-nji ýyllar aralygynda) ýeliň tizliginiň ortaça bahalary deňeşdirilip, seljerme işleri amala aşyryldy we nominal kuwwaty 50 kWt deň bolan ýel elektrik stansiýasynyň hasabyna bir aýyň dowamynda ortaça 10906 kWt∙sagat elektrik energiýasyny öndürip boljakdygy kesgitlenildi.

Bägül ORAZMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik 
merkeziniň Taslama bölüminiň inženeri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok