“Mercedes” dünýäde 1 milliona golaý ulagy yzyna çagyrýar

Nemes awtoulag öndürijisi “Mersedes-Benz” -iň tormoz ulgamyna täsir edip biljek kynçylyk sebäpli dünýäde takmynan 1 million ulagy yzyna aljakdygy habar berildi. Bu baradaky habar dünýä mediýasynda ýer aldy.

Mersedes-Benziň beren beýanynda 2004-2015-nji ýyllarda öndürilen ML, GL we R-Class seriýasynda (tormoz güýçlendirijisiniň) poslamadan täsirlenip biljekdigi mälim edildi. Germaniýanyň awtoulag ulaglary federal gullugynyň (KBA) habaryna görä, Mersedes-Benz dünýäde 993,407 ulagy yzyna alar, we olaryň 70,000-si häzirki wagtda Germaniýada.

Germaniýanyň KHBS-nde çykan habarlara görä, bellenip geçilen ulaglarda, güýçli poslama bolan ýagdaýynda güýçli ýa-da gaty tormozyň tormoz serwisine mehaniki zeper ýetirip biljekdigi we tormoz pedaly bilen tormoz ulgamynyň arasyndaky baglanyşygyň bozulmagy we aýak tormozynyň işlemezligine getirmegi mümkindigi bellenilýär.

Aýsoltan REJEPOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok