Halkara olimpiadanyň yzynda galdyran täsirleri

Ähli ugurlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp biziň talyp ýaşlarymyz birnäçe halkara hem-de dünýä olimpiadalaryna gatnaşyp baýrakly orunlaryň ençesini gazanýarlar.

Ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdeplerini halkara derejesine çykarmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, talyp ýaşlaryň  ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak, olaryň  ylmy-döredijilik işlerine hem-de  halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, netijeli çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2022-nji ýylyň maý aýynyň 10-14-i aralygynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Nazary mehanika dersi boýunça I Açyk halkara  internet olimpiýadasyny geçirdi.

Bu bäsleşige ýurdumyzyň 13 sany ýokary okuw mekdeplerinden we daşary ýurtlaryň 58 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 288 sany talyp özara güýç synanyşdylar. Bäsleşik iki güne bölünip geçirildi. 11-nji maýda – bäsleşigiň birinji gününde talyplaryň şahsy bäsleşigi gurnalan bolsa, 12-nji maýda talyplar toparlaýyn güýç synanyşdylar. Olimpiadanyň şahsy bäsleşigine Türkmenistanyň, Azerbeýjan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan, Wengriýanyň, Ruminyýanyň, Portugaliýanyň, Ekwadoryň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň jemi 15 sany döwletiň abraýly ýokary okuw mekdeplerinden jemi 225 sany sany talyp gatnaşdy. Olara nazary mehanikanyň 3 bölümi boýunça jemi sekiz sany meseläni çözmek üçin 4 sagat wagt berildi.  Bäsleşigiň netijeleri boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-günbatar politehniki uniwersitetiniň talyby Zhongxin Yang  iň ýokary görkezijini görkezmekligi başardy. Halkara reýtinglerde öňdebaryjy orunlarda duran Moskwanyň fiziki – tehniki institutynyň talyplary ilkinji onlukda öz atlaryny ýazdyrdylar. Olar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba-hojalyk institutynyň we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň atlarynyň ýazdyrylmagy aýratyn bellemäge mynasypdyr. Mahlasy, şahsy bäsleşik boýunça Türkmenistanly talyplaryň 47 sanysy baýrakly orunlara mynasyp boldy.

Bäsleşigiň ikinji gününde 42 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 200-den gowrak talyplar toparlaýyn bäsleşikde güýç synanyşdylar.  Onda ýokarda ady agzalan daşary ýurtly bäsdeşlerden başga-da Eýran Yslam Respublikasynyň Islam Azad uniwersitetiniň talyplar toparynyň hem goşulandygyny bellemek gerek. Toparlaýyn bäsleşikde talyplara  bäş meseläni çözmek üçin bir sagat wagt berildi. Nazary mehanika dersi boýunça toparlaýyn bäsleşikde deň utuk toplan Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we  Moskwanyň fiziki – tehniki institutynyň talyplar topary iň arzyly orunda atlaryny ýazdyran bolsa, Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-günbatar politehniki uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Uralyň Federal uniwersitetiniň, Hangzhou Dianzi uniwersitetiniň, Tomsk politehniki uniwersitetiniň  talyplar topary ýeňijileriň sanawynda yzygiderligi sakladylar.

Hoşgeldi TAHYROW
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok