«AŞGABAT — KAZAN» ugry boýunça uçar gatnawy 1-nji iýundan açylar

1-nji iýundan Aşgabat — Kazan ugry boýunça ilkinji yzygiderli howa gatnawy amala aşyrylyp başlanar. Indi her hepdäniň çarşenbe güni Aşgabat — Kazan ugry boýunça yzygiderli gatnawlar amala aşyrylar. Uçar Aşgabatdan ýerli wagt bilen sagat 14:55-de uçup, Kazan şäherine ýerli wagt bilen 16:30-da barar. Şeýle-de gaýdyşyn 19:00-da Kazandan Aşgabada uçup, 00:00-da (çarşenbeden penşenbä geçilýän gije) Türkmenistana geler.

Petekler «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň degişli bölümlerinden alynyp bilner. Gatnawyň bir tarapynyň bahasy 8020 manat.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok