20-nji maýda Gökdepe metjidinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum döwlet Baştutany Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Hajy Arkadagymyz ir bilen Köşidäki metjide bardy. Soňra BAE-niň merhum Prezidentiniň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagy dileg edilip, keramatly Gurhandan süreler okaldy. Hajy Arkadagymyz edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg edip bu ýerden ugrady.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, hajy arkadagymyz Gökdepe metjidine geldi we bu ýerde geçirilýän sadaka gatnaşmak üçin gelen BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen gürrüňdeş bolup, özüniň BAE-niň merhum Prezidentiniň aradan çykmagy zerarly, geçirilen hatyra çärelerine gatnaşandygyny we ýurdumyzda Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününi geçirmek barada razylyk alandygyny aýdyp, şu günem merhumy hatyralap, sadakalaryň berilýändigini belledi.
Soňra bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi BAE-niň merhum Prezidentini ýatlap, doga okady we Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly geçirilen hatyra çärelerinde edilen doga-dilegleriň, berlen sadakalaryň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny we merhumyň jaýynyň jennet, ýatan ýeriniň ýagty bolmagyny dileg etdi.
Az salymdan soň, ýurdumyzyň müftüsi tebärek çykdy, soňra nahar çekildi.
Teswirler