Hindi kinofilimleriniň muşdaklaryna atly konsert geçirldi

Türkmenistanyň dost-doganlyk çäreleriniň ençemesi geçirilýär. Ýakynda geçirilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Estrada sungaty” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde  “Hindi filimleriniň muşdaklary” atly konsert hem aýdylanlaryň aýdyň mysaly boldy. Bu ajaýyp dabarada dost-doganlyk konsertinde hindi kino filimlerinden belli eserleri talyp ýaşlar ýokary derejede ýerine ýetirdiler. Bellenilmeli zat hem bu aýdymlara konserwatoriýanyň estrada sungaty hünäriniň talyplar orkestrynyň sazandarlyk etmegidir. Aýdym-sazlar bilen wideo şekiller arkaly görkezilen kino parçalary diňleýjiler köpçüliginiň has-da ünsüni özüne çekdi.  

.

Tirkiş AMANNAZAROW,

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi ylmy işgäri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok