«Ýylyň mugallymy — 2022» bäsleşiginiň döwlet tapgyry jemlendi

Ýakynda paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda yglan eden «Ýylyň mugallymy — 2022» bäsleşiginiň döwlet tapgyry jemlendi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan mugallymlaryň altysy gatnaşdy.

Bäsleşik iki gün dowam etdi. Bäsleşige gatnaşan mugallymlar özlerine nätanyş synplarda hünär ugurlary boýunça görelde sapagyny, şeýle-de synp sagadyny geçdiler. Dürli temalar boýunça guralan sapaklar biri-birinden täsirli bolup, mugallymlaryň bäsleşige taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Okuwçylar synp sagatlarynda tema degişli goşgulardyr aýdymlardan bölekleri, nakyllary aýdyp berdiler.

Gelinen netijä görä, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy Gülnar Amanowa «Ýylyň mugallymy — 2022» bäsleşiginiň baş baýragyna — Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatyna we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgadyna mynasyp boldy.

Teswirler

Dünýä

Adalatsyz geçdi