HYYwÖU-da mekdep okuwçylaryň arasynda iňlis dilinde debat ýaryşy geçirildi

Häzirki döwürde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň bilimini artdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda ylma-bilime bolan höwesini artdyrmak, daşary ýurt dillerini ösdürmek maksady bilen dürli ýaryşlar hem geçirilip durulýar.Şeýle geçirilýän ýaryşlaryň biri hem Aşgabat şäheriniň 80-nji orta mekdebinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň gurnamagynda geçirilen ýaryşydyr. Ýaryşyň birinji tapgyry 18-nde we ikinji tapgyry 25-nde geçirildi. Ýaryşa 80-nji, 74-nji we 87-nji orta mekdepleriniň 5 sany okuwçysy gatnaşdy. Emin agzalary bolup, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşik iňlis dilinde alnyp baryldy.Ýaryşyň birinji tapgyrynda esasy temalary: edebiýat we sungat, geografiýa, taryh, sport we dynç alyş, ylym, umumy bilim temalary. Degişli temalar boýunça bäsleşik 6 kategoriýalara bölündi. Bäsleşigiň ballary hem kategoriýalara degişlilikde bölündi. Ýaryş şowhunly geçirildi. Birinji tapgyryň jemi boýunça 87-nji mekdep 1-nji orny, 80-nji mekdep 2-nji orny eýelemegi başardylar. Ikinji tapgyrda okuwçylar 3 topara bölünip, berlen temalara bije çekmek arkaly jogap berdiler. Bellibir wagt aralygynda toparlar maslahatlaşyp, hersinden 2 okuwçy çykyp, öz aralarynda gyzgalaňly jedelleri alyp bardylar. Emin agzalary her toparyň öz pikirlerini beýan edişine, jogap berşine göra bahalandyrdylar. Şeýdip, ýaryşyň ikinji tapgyrynyň jemi boýunça 87-nji mekdep 1-nji orna, 74-nji mekdep hem 2-nji orna, 80-nji mekdep 2-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere gutlag sertifikatlary gowşuryldy.Ýaşlaryň şeýle ýaryşlara hemişe işjeň gatnaşyp durmagyny, hem-de üstünlik gazanyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy arzuw edýäris!

Ýulduz BABAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok