Norwegiýada ýerleşýän “Framlab” gözleg we dizaýn şeýle-de gurluşyk kompaniýasy şäherlerde howada asylgy duran binalary gurmak isleýär. Bu taslamanyň esasy maksady tehnologiýa esaslanyp desgalaryň aralaryndaky boşluklary aýyrmak bolup durýar.
“Framlab” tarapyndan “Oversky” diýlip atlandyrylýan bu täze taslamada binalaryň geliý gazy bilen howada saklamak göz öňünde tutulýar. Kompaniýanyň işgärleri tarapyndan berlen beýanatda uçýan binalaryň howadan we inert geliýden has ýeňil öndürilen ýapyk uglerod süýümli öýjükler bilen guruljakdygy we bu tehnologiýanyň howpsuzdygy paýlaşyldy.
Ylmy fantastiki filmlerde duşmaýan bu binalaryň tetris oýnundaky ýaly islendik ýere göçürip, üýtgedip boljakdygy aýdylýar. Beýik binalaryň arasynda gurulmagy meýilleşdirilýän uçýan desgalar basgançaklar bilen töweregindäki berk gurluşlara birikdiriler. Kompaniýa bu taslamany şäher klimat krizisine garşy göreşde täze gural hökmünde görýär.
Zyýada PÜRDEKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler