Ýurdumyzyň maýa goýum işjeňligi

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda, şol sanda maýa goýum syýasatynda düýpli özgerişlikler we ösüşler amala aşyrylýar, oňyn netijeler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda düýpli ykdysady özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bazar gatnaşyklary esasynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýan milli ykdysadyýetimizi dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine ýetirmek wezipeleri «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» anyk kesgitlenip, onuň baş maksady işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak arkaly, ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, dünýäniň iň ösen tehnikalary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan, innowasiýalary özünde jemleýän ýokary ykdysady netijeli ulgamy döretmekden we ösdürmekden, senagat we hyzmatlar ulgamyny düzümleýin özgertmekden, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, hususy maýa üçin mümkinçilikleri giňeltmekden, döwlet bilen hususy bölegiň hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, ýurdumyzyň öndürilýän önümleriň daşary ýurt bazarlarynda basdeşlik ukybyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle-de, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýurdumyzyň içinde we daşary ýurtlardan çekilýän maýa goýumlaryň ähmiýeti örän ýokary bolup, ol ýene-de birnäçe wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär.

Ykdysadyýetimiziň pudaklaryna öňdebaryjy daşary ýurt tejribesiniň çekilmegi, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny çalt özleşdirmäge, dünýä bazaryna bäsdeşlige ukyply taýýar önümler bilen çykmaga, şeýle hem ýokary hilli önümçilik maksatly desgalary gurmaga we döwlet bähbitli meseleleriň çözülmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzda maýa goýum işleri dürli ugurlarda ýokary depginde alnyp barylýar. Jemgyýetimiziň durmuş ulgamynda maýa goýum syýasatynyň esasy maksady ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga, edilýän durmuş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleri maliýe taýdan üpjün etmeklikden ybaratdyr.

Ogulnäzik HEMRAÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok