Dünýä mediýasynda habarlaryň peýda bolmagyna görä, Tesla we SpaceX-iň eýesi bolan Elon Musk twitteri 44 milliard dollara satyn almak barada ylalaşandygy barada habar berilýär.
Twitter “Takmynan 44 milliard dollar bahasy bolan her bir aksiýa üçin 54,20 dollara satyn alynmaklyk gutarnykly ylalaşygy getirdi” diýip resmi beýanaty mälim etdi. Twitter doly ýagdaýda satylandan soňra aýratyn bir kompaniýa boljakdygyny belläp geçildi.
Twitteriň täze eýesi Elon Musk Twitter-iň ägirt uly potensialynyň bardygyny we bu kompaniýa hem-de ulanyjylar bilen ýakyndan işleşmek isleýändigini nygtady.
Belläp geçsek, Elon Musk Twitteriň 9.2 göteremlik aksiýasyny satyn alanyndan soňra, “Twitter” -iň her bir aksiýasy üçin 54,20 dollara satylmagyny teklip etdi.
Röwşen BAÝMYRADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.
Teswirler