“Doganlar Ýyldyzy” – ösüşleriň ýolunda

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen halky agzybir, parahat we bolelin durmuşda ýaşaýar. Bu ugurda içerki we daşarky bazarlarda amatly, ýokary hilli we abraýly önümleri öndürýän türkmen telekeçileriniň aýratyn uly orny bardyr. Şolaryň arasynda hem özüniň baldan süýji önümleri bilen halkymyzyň ynamyny gazanan “Doganlar ýyldyzy ” hususy kärhanasydyr.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Çary Sähedowyň esaslandyran “Doganlar Ýyldyzy” hususy kärhanasy ilatymyzy dürli hili konditer we şokolad önümleri bilen üpjün edip gelýär. Şunuň ýalyda bu hususy kärhanada “Doganlar Ýyldyzy” haryt nyşany bilen dürli gaplarda assorti şokoladlar, gaplanan, içi huruşly, huruşsyz süýjiler we başga-da birnäçe görnüşli şokoladlaryň 45 görnüşi öndürülip, olar ISO we “Halal” halkara ülňülerine doly laýyk gelýär.

Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän bu hususy kärhanada “Doganlar Ýyldyzy” haryt nyşanly “Ak ýürek”, “Merw”, “Bal top”, “Janym”, “Altyn dag” ýaly şokoladlar öndürilip, diňe içerki bazarlarymyzy üpjün etmek bilen çäklenmän daşary ýurtlara hem eksport edilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ösmegine ýardam edýar.

Türkmen saçagyny dürli hili süýjülikler bilen bezeýän bu hususy kärhana döredilenden köp wagt geçmänkä özüniň önümleri bilen dürli hili bäsleşiklerde we sergilerde ýokary işjeňlik bilen çykyş edip halkymyzyň ynamyna giripdi. Şeýle-de şu ýylyň mart aýynda geçirilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisinde işjeň gatnaşdy we baýrakly oruna mynasyp boldy. Bu bolsa “Doganlar ýyldyzy” hususy kärhanasynyň önümleriniň ýokary hil derejesinden habar berýär.

Aýbölek GURBANGELDIÝEWA
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Himiýa fakultetiniň Himiýa hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok