D.I.Mendeleýewiň döwürleýin tablisasy

XXI asyrda ylym-bilim ulgamynda dünýä derejesinde belent sepgitlere ýetilýär. Bu ulgama ösen häzirki zaman sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa ylym-bilim ulgamynyň geljekde hem has-da ýokary derejede ösjekdigini alamatlandyrýar. Häzirki döwürde ýokary derejede ösýän ylymlaryň biri hem himiýa ylmydyr. Elbetde, köpümiziň bilşimiz ýaly, taryhda rus alymy Dmitriý Iwanowiç Mendeleýew himiýa ylmynyň ösmegine özüniň uly goşandyny goşan alymlaryň biri hasaplanylýar. D.I.Mendeleýew 1834-nji ýylyň 8-nji fewralynda Iwan Pawlowiç Mendeleýewiň maşgalasynda dünýä inýär we ol 1907-nji ýylyň 2-nji fewralynda aradan çykypdyr. Bu alym özüniň ýaşan döwründe umumadamzat jemgyýeti üçin peýdaly bolan birnäçe işleri soňkulara miras galdyrypdyr. D.I.Mendeleýew özüniň düzen himiki elementleriň periodik tablisasy bilen dünýä tanalýar. Bu rus himigi häzirki wagtda ulanylýan himiki elementleriň periodik tablisasyna meňzeş döwürleýin tablisany oýlap tapdy. Ol elementleri döwürleýin tablisada ýerli-ýerine goýup, entek açylmadyk elementleriň barlygyny we olaryň häsiýetlerini çaklapdyr. Mendeleýew özüniň ýiti zehini bilen döwürleýin tablisasyny döredenligi sebäpli ol bu tablisanyň “atasy” hasaplanylýar. Bu rus himiginiň “gazlaryň kritiki temperaturasyny kesgitlemek”, “Russiýada nebit pudagyny özgertmek”, “Russiýada ölçeg ulgamyny ornaşdyrmak” boýunça birnäçe işleri hem uly meşhurlyga eýedir. 1869-njy ýylyň 6-njy martynda Dmitri Mendeleýew Russiýanyň himiýa jemgyýetine ilkinji döwürleýin tablisany hödürledi. Elementleriň atom agramynyň häsiýetleriniň arasyndaky baglylyk atly görkezme çykyşynda himiki elementleri atomyň agramyna we bahasyna görä suratlandyrdy. Tanyşdyryş mahalynda elementleriň atom agramyna görä sargyt edilende elementleriň käbir häsiýetleriniň wagtal-wagtal gaýtalanýandygyny döwürleýin kanun bilen birlikde birnäçe möhüm nokady aýtdy. Mendeleýewiň döwürleýin tablisasy ähli belli elementleri atom agramyna görä tertipleşdirýär. Şeýle hem öz döwrüniň himiklerinden tapawutlylykda Mendeleýew döwürleýin tablisanyň elementlerini doly we dogry ýerli-ýerine goýdy. Şol wagt atom agramlary ekwiwalent agramy gymmatlyk bilen köpeltmek arkaly kesgitlenýärdi. Mendeleýewiň döreden tablisasynda geljekde tapyljak elementler üçin boşluklar bardy. Alymyň diri wagty 15 ýylyň içinde alýumin, bor we kremniý ýaly elementler tapyldy. Fizika-himiýa pudagynda Dmitri Mendeleýew suwuklyklaryň ýylylyk bilen giňelmegini derňedi.

Göwher MUHAMMETGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok