Türkmenistandan Russiýa gitmek üçin nobata durulýan wagt gysgaldyldy

Türkmenistandan Russiýa gitmek isleýän daşary ýurt raýatlary indi hemişeki ýaly köp garaşmaly bolmaz. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň «Telegram» hasaby habar berýär.

Munuň sebäbi Russiýa gitmek üçin ýüz tutmalaryň sanynyň azalandygy bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa gitmek üçin degişli resminamalary ilçihananyň konsullyk edarasyna tabşyran daşary ýurt raýatlarynyň garaşylýan nobatynyň möhleti 2,5 — 3 aýa çenli gysgaldyldy.

Russiýanyň raýatlary üçin nobata garaşylýan wagt 1,5 — 2 aýa barabardyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok