Ýurdumyzda ynsan saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Sebäbi “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýilýän pähimden ugur alynýan ýurdumyzda adam döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy hasap edilýär. Şonuň üçinem ýurdumyzda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen hassahanalar, anyklaýyş merkezleri, oba saglyk öýleri gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär. Saglygy goraýyş edaralarynyň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalarymyzy, toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn hem beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly, halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri uly ähmiýet berip gelýän ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran bu nusgalyk däbiniň täze eýýamda hem dowamat-dowam bolýandygyna biz geçen hepdede bolup geçen şanly wakanyň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem Bütindünýä saglyk gününiň ruhubelentlik hem işjeň häsiýetde geçen çäreleri ýurdumyzda ynsan saglygynyň ähli zatdan ilerde goýulýandygynyň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň ýaýbaňlanmagy üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň, şonuň netijesinde hem bu ajaýyplyklaryň tutuş jemgyýetimizi gurşap alandygynyň aýdyň kepiline öwrüldi.
Ýurdumyzda sagdyn nesli kemala getirmäge, ilatyň saglygyny goramaga we berkitmäge, halkymyzyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyny gazanmaga möhüm ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, döwletli işleri rowaç bolsun!
Maksat ALLABERGENOW,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk
fakultetiniň harby talyby.
Teswirler