“Meteorologiýa we Klimatologiýa” boýunça ders bäsleşigi geçirildi

“Ekologik bilimleriň” gününe bagyşlanyp “Meteorologiýa we Klimatologiýa” boýunça geçirilen ders bäsleşiginde talyplar üstünlikli çykyş etdiler.

Türkmen oba hojalyk institutymyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda talyp ýaşlaryň arasynda ders bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Talyp ýaşlar institutymyzda sanly ulgam boýunça geçirilýän ders bäsleşiklere işjeň gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ine şeýle bäsleşikleriň biri hem institutymyzda “Ekologik bilimleriň” gününe bagyşlanyp, aprel aýyň 15-ne “Meteorologiýa we Klimatologiýa” boýunça ders bäsleşigi geçirildi.

Ders bäsleşigine Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetinden 40 sany talyp hem-de Agronomçylyk fakultetinden 14 sany talyp, jemi 54 talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen bu bäsleşikde Gidromeliorasiýa, Ýer gurluşygy we kadastry, Agronomçylyk hünärleriniň 1-nji, 2-nji, 3-nji ýyl talyplary Öwezmyradowa Gyzylgül, Döwletow Atajan, Gummanowa Maýa birinji oruna, Öräýew Rejepmyrat, Saparow Begli, Begmedow Gutlymyrat ikinji oruna, Rahmedowa Çeper, Rozykulyýew Bazarbaý, Rüstemowa Gunça üçünji oruna eýe boldular.

Ders bäsleşiginiň ýeňijileri Türkmen Oba hojalyk institutynyň I, II, we III derejeleriniň diplomlary, şeýle hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň ýatdan çykmajak sowgatlary bilen sylaglandy.
Şeýle “Meteorologiýa we Klimatologiýa” boýunça geçirilen ders bäsleşigi talyp ýaşlaryň zehinini hem-de häzirki döwürde klimatyň bütindünýä ýylamagy köp sanly tebigy kynçylyklara alyp barýan dürli meseleleri seljermek üçin niýetlenendir. Mundan başga-da, bäsleşikler ýaşlaryň döredijilik we ylmy işjeňligini höweslendirip, talyplaryň bilim derejesine baha bermäge mümkinçilik berýär.

Döwletmyrat ANYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Oba hojalygynyň meliorasiýasy
kafedrasynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok